Diňe ýüzüň gülmesin
Diňe ýüzüň gülmesin,
diňe gözüň gülmesin,
diňe gabaklaryň däl,
diňe gaşyň gülmesin,
diňe dodaklaryň däl,
diňe dişiň gülmesin,
gülsün hatda bagryň-da,
öýkeniň bilen bile, -
diýipdir gadymkylar,
sebäbi çytylyp ýörseň,
ýa-da ýasama ýylgyrsaň,
menden saňa barýança,
ýylgyrmaly diýip diňe,
satyjy ýylgyrşy bilen,
ürkermişin gowy güýçler,
güýç goşmaly güýjüňe,
diýmek, çynyň bilen ýylgyr,
hem aglaňda çyndan agla,
çünki aglan diňer hökmän,
ýaşa ýaşan günüň gülüp,
hatda gül öleňde gorkman.