Dünýäň azaby
Diýýärler, hamala, begenýän ýaly:
"Dünýäň azabyndan dyndy pylany..."
Ýa-da şeýdip öz göwnüňi aldamak
adat bolupdyr bizde,
ýa-da durmuş gelen günüňden beýläk
azap bolmaly diňe,
aç ýatmazlyk üçin irden agşama
ýer sermenip geçmeli,
el sermejek bolup birne,
saraltmajak bolup ýüzüň,
hary-zar etmejek bolup çagaň, aýalyň,
hor bolmajak bolup, hor bolup, ylgap,
ýetip bilmän giden otlyň yzyndan,
dogrudanam, ömür diýmek azap-laý,
diýýär adam ysgyn gaçyp dyzyndan,
onsoň gijä galman gelýär ezraýyl,
diýýär: "Indi meniň bilen gitmeli!"
A yzda galanlar diýýär, hamala,
begenýän ýalaky ýa-da bialaç:
"Dünýäň azabyndan dyndy pylany..."
Sebäp ony indi goýmaz kimse aç,
ýa-da ýalaňaç.