Ýamany özüne goý

Ýamany özüne goý,
alyp gitme ýanyň bilen,
sowgat ýaly dolanan,
taşla duşan ýerinde,
açma için, dörjeme,
çaga deý sowgat alan,
beýniň dolmasyn ysdan,
hatda gelse, goýmasa,
atalasa üstüňe,
asylsa çar ýanyňdan,
ugruny tap itmegiň,
el degirmän döşünden,
et galdyrman dişinde.

Ýamany özüne goý,
özüne goý bahyly,
goý, özüne bolsun niýeti, päli,
barybir ýeňledip bilmersiň ýükün,
derdini alanyň bilen,
ýüregiňi ýaralama,
ýaralama beýniňi,
zäherleme bedeniňi,
özüne goý egsigi,
galdyr bir özi bilen,
ýa-da tapsyn başgany,
özüne has mynasyp,
alyp gitme özüň bilen,
çykar ýadyňdan basym,
goý, her näçe agyrtsyn,
ýaşa şeýle şert edip,
göterme ýanyňa ýamany hergiz,
alyp gitme dert edip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024