Surat

Adam we il

Adam obasyna dolanar bir gün,
emma ejesini tapmaz,
atasyny tapmaz öýden,
hoşlaşyp giden ýerinden,
olar başga oba gidendir göçüp,
ýoluna göz dikip gelmedik ogluň,
adam obasyna dolanar bir gün,
boldugyça aşak itekläp dowlun,
dyza çöker goşa mazar öňünde:
eje, men tapyldym sözümde ahyr,
kaka, men tapyldym sözümde diýip,
emma adam gelmez gitmänem bolsa,
ýaşasa ejiziň gözüni iýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024