• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Ýalan gala

Sen ýalana egsik baha berme hiç,
hiç ýalana kemter baha eçilme,
iberme çagaňy ýalan mekdebe,
ýa ýalan saýlawda seçme, seçilme,
ýa ýalandan gala gurma der döküp,
gorag bolar ýaly ertir çozsalar;
sen ýalan ýaryşa goşulma hergiz,
at-eşegiň salma ýalan aýlawa,
gyrasyna barma ýalan tomaşaň,
ýa el çarpma öwülýänler ozsalar...

Sen ýalany äsgermezlik etme hiç,
hiç ýalana egsik baha eçilme,
hatda pilden uly gör,
peşeçe bolsa ýalan,
sebäp ertir ýalan mekdebe gatnan,
ýalan diplom alan köpeler çenden,
hem hemmesi akylly bor,
edenli bor senden, menden,
a ýalana ýalan diýen,
gaçmaly bor baş alyp,
sen ýalany äsgermezlik etme hiç,
sebäbi soň äsgereniň bolar giç!

  • 26.01.2016
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019