Surat

Diýýärler

Ak ýürekli bolsaň, kyn bolar durmuş,
diýýär käbiri;
gara ýürekli bolsaň, ýeňlejek deý hamala,
hem diýýärler birine etme bilmän ýagşylyk,
soň ýamanlyk gelse, bilmersiň ölüp,
gynanjyňdan el uzadan günüňe,
galdyranňa ýykylanda,
ýa aç güni döwüm çörek berenňe,
hamala, hiç kime eliň uzatman,
eglişik etmän,
gara hasap bilen ýaşamak, ölmek
ýeňil boljak deý,
ak ýürekli bolsaň, çekersiň ejir,
diýýärler ýylgyryp çala,
özlerini aklaýan deý hamala...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024