Surat

Hakyky gar

Ýasamalyk ýadadypdy,
ýadadypdy ýarymçyklyk,
ýagan bolup, diňen bolup,
ýagjakmy, ýag ýagan ýaly,
diňjekmi, diň diňen ýaly,
hakyky gar şeýle ýagar,
dikden aşak eňen ýaly,
ýeňiljekmi, ýeňil munda,
ýeňjekmi, ýeň ýeňen ýaly!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019