Iki adam

Ol adamy ikä bölýärin diýdi:
adam boljak bolýana
hemem hiç bilmeýäne
nämemiş adam bolmak
ýa-da bolmazlyk asla,
golaýyndan barmazlyk,
geçmezlik köçesinden,
diýdi çyndan kyn işe
synanýan bolýar azlyk,
şondan baş egýän diýdi
adam boljak bolýana,
emma wagtym az diýdi
bilmeýäne bu näme?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019