Adam hukugy
Adam hukugy-da cörek mysaly,
dükanda ýa bazarlarda satylýan,
gurbuň ýetse almaly,
a ýetmese, ymsynmaly uzakdan,
adam puly bolsa baryp dükandan
islän çöregini alýar hem iýýär,
islese gyzdyryp, ýa mesge çalyp,
ýa-da towuk çorbasyna batyryp,
emma puluň bolmasa,
hemişe nan bermeýärler getirip.