Gaýtalanyş

Her kişiniň özüniň
bolýar halaýan zady,
halamaýan närsesi,
biri halar aýal sesin,
beýlekisi är sesin.

Aýdaly, kim gomalmany halaýar,
kim sylaýar bir basgançak galany,
juda bolman beýik bolsa ökjesi,
a beýleki begenýär
biri ýykylsa aşak,
hatda ýeke basgançak,
ýene biri ýaşaýar
şer üçin odun daşap,
gynanýanam bar emma,
gol uzadyp entäne,
itekleşmän ýapaşak.

Her kişiniň özüniň
tagamy bar agzynyň,
ýüreginiň alýan zady,
hem almajak zady bar,
biri ajyny halaýar,
biri süýjini halaýar,
biri duzsuz, beýlekisi
gorabany gowy görýär,
biri ýatýar öýläne çen siňekläp,
beýlekisi daňdan örýär,
nämemişin ýetjek ýeri,
ýa-da etjek zady bar,
beýnisi bar her adamyň özüniň,
käte ýok ýaly bolsa-da,
her kişiniň kelte, uzyn
özüne bap ýady bar,
hatda atdaş bolsa-da kä,
her kişiniň öz göterýän
ýa dakylan ady bar,
ykbaly bar, belki-de,
perwana deý ýagta aşyk,
lowlap ýanýan ody bar,
erbet bolsun, gowy bolsun,
gaýtalajak zürýady bar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024