Atyňy ýeke çapma
Atyňy ýeke çapma,
hemem etme ata münen
atasyny tanamaz,
sebäbi her neneň gowy bolsa-da,
at diýilýän alyp gaçar birdenkä,
burnuna ýel düşüp, ürküp ýa gorkup,
ýolda ýatan ýylandan ýa içýandan,
hem giç bolar jylawyny çekerden,
bat alansoň göni ýolda,
at-eşekli aýrylan;
atyňy ýeke çapma,
ynanma özüňe aşa,
hemem kembaha garama
öwrümine ýollaryň,
her neneňsi gurat bol,
ýa-da gurgun bolsun atyň,
bilinýän zat ahyry
aty at edýänçä it bolýar adam,
kän-ä ata çykdym diýip,
pyýadany depeläp,
hemem gözi adam görmän,
at-şöhratdan maýrylan,
atyňy ýeke çapma,
hemem etme ata münen
watanyny tanamaz.