Ýalňyş pikir
Içeriňe ogry girse ýatyrkaň,
oýansaň ala-hasyrda,
hem düşünseň derdi agyr,
iki tarapyn deňlän,
birden gyssanjyna basyp üstümden,
el-aýagym, gapyrgamy döwmesin,
ýa-da gorkunjyna, aç aýy ýaly,
topulmasyn diýseň görüp,
hemem çykyp gaçsaň daşa,
garaşsaň çykarman sesiň,
basym gerek zadyn alar-da gider,
a men ýene içerime girerin,
diýip pikir etseň, umyt etseň ýa,
mamla çykmazlygyň mümkin o diýen,
çünki boşan öýde ornaşar ogry,
haçan iýdireni aýapdyr iýen?