Bu nähili sud bolýar?

Bu nähili sud bolýar,
bu neneňsi adalat?
Kazy kän, sanasaň barmagyň ýetmez,
garalawçy hatar-hatar, diwara
arkasyny ýaplap, garaşýar nobat,
gezek gelsin diýip, garalar ýaly,
emma ýeke aklawçy ýok,
goldawçy ýok birjigem,
ýa bolsa-da suda goýberilmeýär,
ýa gelmeýär özleri,
azan hökümete garşydaş bolsaň,
hiç kişi tapylmaz aralar ýaly.

Bu nähili sud bolýar,
bu neneňsi adalat?
Gyryň daşy garalawçy,
aklawçy ýok birjik-de,
ýa bolsa-da gaçypdyr,
ýatyr ýa-da towuk ketege sümüp,
başyn galdyryp bilmän,
sudy beýle bolan iliň
galyşyna haýran gutarman, ölmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024