Aldaw
Göwni kem ýa özüne
ynanmaýan ýeterlik,
guwanyp bilmeýän,
görüp bilmeýän
başganyň eden işini,
ýa gysmaly dişini,
ýa öwünip ýaşamaly,
özüni asmandan asyp,
ýa at dakyp başgalara,
gömen bolup özgäni,
gömşi deý pişigiň hapasyny çuň,
öz aýbyny gömmeli,
jaýlamaly adamsyz,
bilinmeýän bir ýerde,
a soň ýeri gelse,
maý bolsa çala,
arşa galan bolup,
galdyrdan bolup
köşeşjek bolmaly,
görmän hiç özüň,
ýa-da hakyky ýüzüň.