Döwlet biziň enemizi aglatdy

Baýramgüle

Döwlet biziň enemizi aglatdy,
döwlet biziň atamyzy aglatdy,
döwlet biziň özümizi aglatdy,
ýat illerde bukulup,
çagalaryň gözünden,
döwlet biziň ilimizi aglatdy,
garyp goýup aglaba,
el-aýagyn daňyp, açlykda saklap,
jenaýata itekläp,
türmä basyp müňläp soň,
biz hudaýy çagyrdyk,
bardyr diýýärdik çünki,
emma hudaý adamyň
iç işlerne goşulmaýar daşardan,
aň berensoň başyna,
hemem nädip ýetişsin ol
her mahlugyň aşyna,
çorbasyna her agşam,
türmede sakçylar ýaragly hem aç,
ogurlap iýýärkä tussagyň nanyn,
eger kimde Kalaşnikow kän bolsa,
şol hudaýy bolar adamyň, janym...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024