Tanyşlyk

Daýaw bir pyýada sorady ýolda:
"Nirеlisiň, bu ýerli däl, bildirýär?"
Adyn aýtdym gеlеn ýermiň gomalyp,
eşitmändir çal sеpsе-dе saçyna,
Kaspi, Hazar diýen boldum, bolmady,
a öňki SSSR dilе gеlmеdi,
islämokdym saýylmagym kommunist
hem gowaça meýdanlaryn ýatlamak,
çagalygmy ogurlan,
onsoň kömеk bеrmеk islеdim durman,
bilýärdim muň pеýdasynyň dеgjеgin,
adyn tutdum goňşy döwlеtiň, böwri
otuz ýyl ýa ondanam kän uruşly,
hеm agzadym goňşy mollalaň adyn,
"Hä" diýende gaçdy birdеnkä bady,
a soň "Alla akbar" diýdi çalaja,
hеm daşlaşdy mеndеn unudan ýaly,
yzyndan ýöredim biraz,
"Akbar, akbar" diýip, samrap barýady...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024