Surat

Magtymgulam bolsa adam

Magtymgulam bolsa adam,
bilmeseň bolýar,
çünki okamaýarsyň,
ýa-da döwlet neşirleri
çykarmaýar kitabyn,
oňa derek başga nama çykarýar,
müňläp dökýär mekdeplere,
çagalar hem olara
sapak berýän mollumlar,
ýa başgalar, aýlyk alýan döwletden,
almaly bolýar,
okamaly bolýar başga namany,
ýat tutmaly bolýar käte,
synagdan geçmek üçin,
aýlykly, baýlykly bolmak üçin, hak,
akyldan aýrylyp hatda,
galmak üçin aýatda;
Magtymgulam bolsa adam,
bilmeseň bolýar,
tanamasaň bolýar,
ýa-da kitabyn
eger-eger ele almasaň bolýar,
sebäbi başyňa bela inende,
inende diktatura,
hemem bagyrdadyp basanda aşak,
çyn şahyry bilmek ýa-da okamak
esasy zat bolmaýar,
esasy zat diňe ölmeseň bolýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024