Utanç
Utanmaýan utýar munda,
utýar haýýar, nadara.
Şermende utýar uýatly, kiçigöwün ynsany,
ogurlaýar ak asmany depesinden asylan,
mele ýeri ogurlaýar aýagynyň astyndan,
almalary orup gidýär,
leýis edýär bag-bakjany,
göýä doňuz giren ýaly,
iýýär göz hakyny iliň,
iýýär söz hakyny iliň,
hemem şol döşüne kakyp otyr ol,
uly iliň içini ýakyp otyr ol,
gürleýär utanman edýän gepinden,
hem hemişe zyýany kän nepinden,
emma eger-eger utanmaýar ol,
gaýta utandyrýar gygyryp, arlap,
eger utanmasaň arryldysyndan,
gorkmasaň guýlaryndan üstüňden,
ol seni rysgyňdan, börekden kesýär,
içegenje bolsaň, arakdan kesýär,
çagaňy çyrladyp, çörekdden kesýär,
soňra gözenekden garadyp görýär,
arkaňdan gezligi ýöredip görýär,
pyçak goýýar damagyňa ýalaw deý,
kelläňe direýär sapançaň nilin,
“toba et” dirýýär zor ýylgyryp,
hem zor bilen edýär seni günäli,
nadara hemişe ýeňişli bolýar,
hem içerde, hem daşarda pully ol,
mydam ýany ýallakçyly, gully ol,
utanmaýan, açyk, çyplaň, ýalaňaç –
utýar bizi başa büredip gyňaç...
Ýanwar, 1998.