Iki dostuň gürrüňinden
"Dost, nähili, otyrmyň?"
"Gowy geleliň bäri,
soralyň bäri hasam.
Arkamy gaşasana!"
"Bolýa, gaşaýyn, ýöne
soragym bar ýekeje."
"Aýt, sorag owarram,
pul soramasaň bolýa."
"Geň galmaly, men gelsem
arkaň düşýä ýadyňa,
gaşa diýip başlaýaň,
şunuň sebäbi näme?"
"Walla, özümem haýran,
ýöne ’dost’ diýýäň welin,
arkamdan urlan pyçaklar,
dostsurap, duýman durkam,
ýadyma düşýämi, näme,
hem uçlary galan ýaly, birhili,
gijäp başlaýar arkam."