Surat

Hakyky beýiklik

Kakam Bäşim Annagurbanyň ýadygärligine

Beýiklik il üçin ýapylan ýolda
tigir sürüp oýnamak däl,
at çapmak däl atdan düşürlen ile
göz edip, aýnap,
aýagyňa ýykmak däl
eli ak gülli, aňy
altyn jynjyra daňlan,
erksiz emeldarlary,
ýa-da garyp garrylary,
dili bagly, gözi bagly,
döwlet talaňyna perde etmek däl,
köşgi-eýwandan gaýdýan,
bilýän ýa-da aýdyp bilýän ýok diýip,
adam beýik bolmaz beýik diýdirip,
hem diýdirmän beýikdir,
garyp obasynda ýaşasa, ötse,
halal işläp, halal iýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024