Goşgy söwdasy
Agyr-agyr goşgulary
ýeňilkellä satjak bolma,
mugt okatsaň kaýyl bol,
ýöne eger pikir etseň,
mugtuna-da okatma,
başga işiň ýok ýaly,
guş ýok ýere ok atma.
Çapak-çapak ellerin
çarpyp oturan bende,
goý, kellesin aýasyn,
elin agyrtsyn günde.
Her kes özüne laýyk
papak ýa tahýa geýer,
öz başyny bilýändir,
bilýändir öz aýagyn,
çepek geýer ýa ädik,
sen nämüçin türşekçä
gawun getirjek gidip?
Adam ogly deň bolmaz,
biri goýun, geçi ýygnar,
beýlekisi gürmeklikden
çykyp bilen däldir häli,
şondan agyr goşgulary,
ýeňilkellä okap berme,
satjak bolup bolma däli!