Ýazly diýip ýigit bardy Ahalda

Ýazly diýip ýigit bardy Ahalda,
Babarapda ýetim ösüp-ulalan.
Dostum däldi, Baýramgülüň
doganynyň dostudy,
kärdeşidi, bile okan, ýaz ýaly,
adyna mynasyp gowy ýigitdi.
Hany Ýazly, Ýazly görnenok diýsem,
diýdiler Ýazly ýok, bireýýäm gitdi.

Ýazly diýip ýigit bardy Ahalda,
bolmaýan zatlara ýanýardy jany,
ýüregi ýanýardy,
ýanýardy bagry,
emma ýazyjy däldi,
ýazyp biljek däldi hiç,
saýlan käri başgady,
a üýtgetmek juda giç.

Diýdiler nägehan derde ýolukdy,
ýöne ozal il derdine ýanýardy,
diýýärdi bir zatlar aýdyp güldüriň,
ýadymdan çykaryň şu bolýan zady,
bolmaýan zatlary unudaýyn men,
hemem işden gülüp gaýdaýyn bir gün,
iş iş bor-a, işem bolarmy sürgün?..

Ýazly diýip ýigit bardy Ahalda,
adyna mynasyp gowy ýigitdi.
Hany Ýazly, Ýazly görnenok diýsem,
diýdiler Ýazly ýok, bireýýäm gitdi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024