Bir gämi
Bir gämide bolaňda nä, ýekemen
itjek bolsa döşüňden,
kürek bilen küpäňe
berjek bolsa dikelseň,
ýa ýykylsaň, aşak bassa egniňden,
gan-gabarçak etse ellerňi urup,
gämiň aşagyndan ýapyşsaň, tutsaň,
hemem öldüm-öldümde
özüň atsaň kenara,
o diýse men halas etdim,
ýat diýse ýapyrlyp indi,
galdyrman ýerden başyň,
bu barlyk diňe meňki,
görmesin seni başgalar,
bilmesin şärikligiň,
näme diýsem bolýa diý,
çykmasyn asla jyňkyň,
hemem menden galanyn iý...
Keseki däl, ýeke dogan,
ekiztaýyň bolanda nä,
bahyl bolsa, öý-iliň däl,
giň dünýäni gabansa,
gabansa adyň-şöhradyň,
hem gaçyrjak bolup badyň,
ele ile zadyn zyňsa,
gülse ýaryp gara başyň,
ne parh eder keseki, ýat,
ýa bolanda gardaşyň?
Bir gämide bolaňda nä,
bolanda nä hatarly
dik durjak bolmak gomda,
galjak bolmak aýagyňa,
gorajak bolmak mertebäň,
synag bolsa bu ömür,
öleňde nä deňziň düýbüne gaçyp,
galmak gul bolmak bolsa,
hemem aýtsalar açyk?!.