Öý we aýralyk

Nirde oňa gowy bolsa,
şol ýerdir diýýärler öýi adamyň,
ýa-da watany...

Dogrudanam, gowy duýmaly adam,
ýaşaýan ýerinde, bolýan ýerinde,
ýençmeli däl özün dünýäň şerinde,
ýa-da bolmaly däl demirtikeniň
üstünde oturan ýa ýatan ýaly,
emmaki beýnisi bir ýerde bekäp,
başga ýere sürgün bolsa adamzat,
ýarpy göwre galan ýaly süýrenip,
pikir-oýy gezer yzda sergezdan,
her neneňsi gowy bolsun başga ýer,
adam bolsaň göwnüňe
öý bolmaz watan ýaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019