Surat

"Görmez arkasy güýçli"

"If you think you have no problems, you just don't know what the hell is going on." Old saying

Bilmeýän has bagtly bolýar diýýärler,
bilenden, okandan, öwrenenden kän,
sebäbi ol bilmeýänin bilmeýär,
biljek bolup gynamaýar janyny,
bilýän bilýänini bilýär hem ýanýar
görmeýäne öňde duran çukury,
ýa gara diwary, galdyrlan bile,
hemem bilýänini getirip dile,
düşündirjek bolýar, emma bilmeýän
islemeýär düşünmek,
ýa kyn görýär düşünmegi, bilmegi,
hemem nirde agyr ýoly saýlaýar,
gara ýoly saýlaýar,
saýlaýar garaňky ýoly,
töwekgellikden doly,
bilmeýän has bagtly ölýär diýýärler,
sebäbi aňlaman gidýär
aglamaly ahwaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024