Surat

Ýazmagyňy islemeýän bolsalar

Ýazmagyňy islemeýän bolsalar,
aýdaly, türme hakynda,
haksyzlyk hakynda,
töhmet hakynda,
hökümetden gaýdýan tankly, tüpeňli,
diňlemeýän bolsa adamlar agyr,
gaýgyly zatlary, pikir etdirýän,
gorkuzýan ýa-da,
ýazma, bes et ynjytmagy iliňi,
ulusyn, kiçisin hemem olaryň
özüne goý agyr güni, uranda
türme hakykatyn, töhmet jebrini,
terroryny hökümetiň
çekmegi hem çydamagy,
ýazmagyňy islemeýän bolsalar,
gadagan etseler ömürlik, belki,
hem ýazanyň okamasa hiç kimse,
özüne goý derdin ulus illeriň,
begeneniň ýeter aglany diňse.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019