Adamlar sözüni diýýär
Adamlar sözüni diýýär,
ýa söz sözläp, ýa-da ýazyp,
ýa-da surat çekip diwara, garaz,
tans edip, el çarpyp,
ýol kän bu taýda,
lakama bukulyp ýa-da
ýalan gepi ýaýradyşyp,
aýtman hakykaty bilýänem bolsa,
ýa-da dymyp aýdýar olar içinden
näme pikir edýänini,
näme etjegini şeýle ýagdaýda,
eger köplük ses goşmasa sesiňe,
sen gerek däl diýildigi zat diýmän,
ýa seni, ýa özlerin
saýdyklary has maýda.