Biz
"Biz beýig-ä" diýen galamdaşa
Sen özüňe diýip bilersiň beýik,
men özüme diýip bilerin beýik,
sen özüňi saýyp bilersiň dana,
men özümi saýyp bilerin dana,
ýöne sen bilýänsiň beýik däldigiň,
menem, kynam bolsa, alaryn boýun
peselenim peselmesiz ýerlerde,
dilimi gysanym diýmeli wagty,
dişimi gysanym iýmeli wagty,
ýa agzyma buýrup bilmän iýenim,
aç ölmeli wagtym namysa boglup;
sen özüňi aklap bilersiň, bilýän,
men özümi aklap bilerin, bilýän,
söz berseler, ýöne duşman gepletmez,
ýa gepletse, garaladar özüňi,
hemem it atan dek atar başarsa,
emma indi ölmek esasy arman,
ýa esasy utulyş däl biz üçin,
sebäbi biz derman yzlap çykypdyk,
çykmandyk şermendä şärik bolmaga,
ýa-da galmak üçin ýanmakak öçüp...