Surat

Iň gowusy

Iň gowusy gurjak bolmakdyr, belki,
hyrydar bar her bazarda, bolmanda
seredip durýarlar almasalar-da,
çünki hemmä diýen ediji gerek,
el galdyrýan gerek el ýüpün çekseň,
ýa-da aýagyny aýak ýüpünden
çala çekseň gerek tapyrdadýanlar,
kellesini silkip baş atýan ýa-da,
iki ýana ýaýkap, ýok diýýän jansyz,
iberilen ýerne gidiji gerek,
hem diýiji gerek diý diýlen zady,
hem geýiji gerek geý diýlen zady,
zaýalaýan diýmän ady, şöhrady,
gurjak bolup ýaşamaly bar adam,
duýman bilse içden gelýän perýady.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024