Surat

Gara garalarmy soňuna çenli

Maynard Dixonyň "Gorky şekilleri" kartinasynyň öňündäki oýlanma

Gara garalarmy soňuna çenli,
ak seredip, akja bolup durarmy,
ýa galarmy aklygyna, garalman,
gorky bizi ysmaz edermi baky,
asmana atdyryp düşmejek alma,
aslynda ak-gara suratmy durmuş,
ýa-da kino, bizden ozal düşürlen,
ynanylan şeýle bolmaly diýip,
a ynamy üýtgetmek kyn, jyn urmuş.

Ýara ýaralarmy soňuna çenli,
öldürermi ulus ili?
Ýa-da derman alyp, ylgajak biraz
köpelermi hassahana durşuna
parahana öwrülensoň gynanyp,
ýa-da aňyp bir gün gezek geljegin,
ýa il bilen gelen toý-da-baýrammy,
ýatmalymy bilen bolup öljegiň?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024