Haýyş
Kalbym öýüne müňzeme,
atamam bolsaň, açmasam;
urma işigin, dyzama,
diwardan suwag gaçmasyn...
Enemem bolsaň, jigerim,
gygyrma daşardan maňa;
özüm ýagaryn, diňerin,
ezilmek berlendir saňa...
Aga-ini bol, parhy näme,
kalbym soýesin sarsdyrma;
belki, öýde ýokduryn men,
Sen gapymy urup durma...
Halanymam bolsaň, janym,
işigne kesek üýşürip,
kalbym öýün, gorananym,
açma kesegin süýşürip...
Daýanma gara güýjüňe,
han-da bolsaň, şa-da bolsaň;
gyssama, bolma tijejek,
sokulma geda-da bolsaň...
Kalbym öýüne dykylma,
ha jenap bol, hala hanym;
gelme, sekime ýykylma,
kalp öýümi halamanyň...
Men ol öýi harabadan,
gandan geçip bina etdim;
gaçyp şowhun-dabaradan,
jandan geçip bina etdim...
Zor bilen gelinýän ýer däl,
hem gelinýän ýer däl zerli;
gurdum ony ýerler sermäp,
er-gök arasyndan gerlip...
Men öň açyp goýdum ony,
ýat-ýakyna, çem gelene;
aýtdym kalbym aýdymyny,
soň gelene, öň gelene...
Mähirden suwap suwagyn,
Söýgi garyp saman ýerne;
çaýdym ýüzümiň tuwagyn,
Duýgy garyp daman ýerne...
Dostumam bolsaň owaldan,
dost ýoluny dowam etmän;
kalbym öýüne sowulma,
ýykylaňsoň ýatlap, entäp...
Kalbym öýüne müňzemäň,
ýok biliň göwnäp açmasam,
işigin urmaň, dyzamaň,
soýeden suwag gaçmasyn!
Aşgabat, 1997.