Tragediýa
Çagalaryň az ýurdunda her hili
oýunjak kän oýnara,
çaga meýdanlary,
oýna her haçan,
ýagyş ýa gar ýagmasa,
mekdepler bar okadylýan,
ogurlaman çagalygyň,
kitaplar bar okap bolmaýan doýup,
emma çagaň köp ýurdunda, eý, alla,
nämüçindir oýunjak az, kitap az,
oňa derek hudaýhon,
hem iýjek kän, belki, deriňi soýup...