Surat

Babaly günler

Durdy Baýramowyň Kanadada döredilen öý-muzeýi hykyndaky filmi görüp, kagyza geçen setirler.

Bir pursat, azajyk, sähel-de bolsa,
Babaly günlere dolandym ýene,
agaly günlere dolandym ýene,
ataly günlere, eneli güne,
doganly günlere,
uýaly güne,
goňşuly, golamly,
obaly, illi,
toýly, ýasly,
adam ýaly ýaşalan,
adam ýaly gatnaşylan bir pursat,
adam ýaly gürleşilen,
gülüşilen, aglaşylan,
adam ýaly işlenen,
döredilen - iň esasy,
yzynda iş goýan adam,
her näme et, bolmaz asy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019