Surat

Ýol goşgusy

"Giden getirer, oturan nyrh sorar." Atam Annagurban aganyň gowy gören nakyly.

Ýola çyksaň, tot-tozany, kirşeni,
ýa palçygy, her aýaga ýapyşan,
ýokuş görme, gatyrganma, zeýrenme,
äýnegiň dak, ädigiň geý dynç alyp,
hemem her gün, her dem süýşjek bol öňe.

Dogry, menzil almak aňsat bolmaýar,
ýöne belli giden hökman getirýär,
ýa bolman ýol görüp gelýär ölmese,
oturandan netije ýok hiç haçan,
nyrh sorap, öljegini bilmese.

Pikir etme, gaýgy etme hiç haçan,
bu bir ýoldur ýeten ýerňe gitmeli,
egne alyp, götermeli ýüküňi,
emma ite “güjik-müjük” diýme hiç,
çykarmasyn ç....kini.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019