Surat

Güýz oýlanmasy

Ýalançy köp diýip, çyplak ýalanyň
egnine gyrmyzdon geýdirip satýan,
ýa başsyz başyna ak telpek atýan,
biline guşaýan owadan guşak,
gahar etme, diýme irdim ýalandan,
çynyň maňlaýyndan taýak salandan,
çünki ýalançyda günä ýok uly,
bazar bolsa dünýä horjunly goly,
her kim öz malyny satmaly bolsa,
her daş öz ornunda ýatmaly bolsa,
ýaradan ýaratsa beýikli-pesli,
alyjysy bolsa şaňňyja sesli,
puluna ýer tapmaýan,
ýa-da pulsuz, emma ýalana şärik,
çyna akly çatman, aňsada ýatýan,
ýalançylar bolar mydam ýeterlik,
hem ýolda ýalana hapa deý batýan.

31.10.15. Rockville, Maryland

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024