• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Sebäp we bahana

Ol garaşsyz bolup bizi,
goýun ýaly güýlüp atdy,
gyrkylyk alyp eline,
asla mälemesiz etdi,
gyrkdy gürlejek dilimiz,
depämize urup her gün,
süri edip gorpa itdi.

Ýaş nahaldyk,
ata-baba toprakda
boý aljakdyk, çynar ýaly ösjekdik,
emma ol öseni tapyp nirede
paltalady, pyçgy saldy düýbünden,
bölek-bölek etdi millet daragtyn,
göz edip dünýä, jahana,
şodur-şodur hiç sebäp däl,
gözleýäs diňe bahana.

27.10.15. Rockville, Maryland

  • 27.10.2015
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019