Surat

Namaz okaýan tanyş

Namaz okaýan tanyş,
hudaýyna ýüzlenýän,
içini dökýän oňa,
belki, günäsini boýnuna alýan,
hemem näme eden bolsa,
geçiljegne ynanýan,
sebäp alla beýik ondan,
deň bolmaz,
bagyşlar hem algyly
goňşy ýaly bergisin
ýatladyp öňün almaz.

Namaz okaýan tanyş,
pida bolup oýnaýan,
dileg edýän hemem berilse näme
az görýän juda,
başgalaryň gazananyn gysganýan,
tanamaýan bolsadym,
bilmeýän bolsadym pikirin-pälin,
görmeýän bolsadym niýetin-ýolun,
okamaýan bolsadym gazet ýaly ýalançy,
guwanardym oglan ýaly obaly,
ululara salam berip ulalan,
tutup ata-baba sargyt-öwüdi,
hemem diýmezdim içimden:
"Içýän wagty gowudy!"

25.10.15. Rockville, Maryland

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024