Surat

Il derdi

Adam kesellese, derdini bilip,
gutuljak bolýar dertden,
tapjak bolýar em, derman,
ýogsa bilýär beterläp,
aljagyn ahyr bir gün,
kän uzaga gidermän.

Millet kesellese,
il kesellese,
derdini çaklap biri,
turup gygyrsa ýerinden,
aýtjak bolup bilýänin,
basýarlar ony üýşüp,
diýýärler agyrtma iliň başyny,
samrap gören samsyk düýşüň...

13.10.15. Rockville, Maryland.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019