Surat

Ýene-de güýz geldi ilden uzakda

Ýene-de güýz geldi ilden uzakda,
almalar, armytlar tänip gaçyp dur;
gyzgyny ýok çeh gününiň beýle bir,
herhal entek ýagtysyny saçyp dur.

Arylar toý edýär bişen miweleň
ilki birin, soňra başgasyn dadyp,
serçeler top tutup uçýar hem gonýar,
jana bilen tutup bir-birniň adyn.

Çagasyny oýnatmaga çykandan
itini gezdirýn kän ýaly käte;
ýene-de güýz geldi ilden uzakda,
ýyljak günleň piri gabaldy kädä!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024