Surat

Hemmeler bilýär

Hemmeler bilýär ýa-da
ysyn alýar ýanygyň,
birleriniň ýürek-bagry ýananda,
ýa-da atylanda töhmet oduna,
emma köplük muny bilmedik bolýar,
ys almadyk bolýar ýa-da
görmedik bolýar asla
küren obaň üstün örten tüssäni,
çünki bilýäniňi bildirip, gelip,
ot söndürjek bolmak,
ýa-da hassany
diňe sorap gitmek oňaýsyz örän,
şondan köpler tüsse görse durmaýar,
dertli görse, sowlup geçýär ýanyndan,
ýa-da geçjek bolýar gatyrak ýöräp.

Hemmeler bilýär ýa-da
ysyn alýar ýanygyň,
ýöne ot söndürjek bolmaýar köpler.
Şondan gezek-gezegine
guraýar hem ýanýar ýaşyl tokaýlar,
pälwan daragtlary ýalna çawladyp,
agladyp aşakdan ösüp gelýäni,
emma ýanyp, kül bolsa-da,
begenermiş muňa çöpler...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024