Surat

Diňmejek ýagyş ýok

Diňmejek ýagyş ýok, her näçe ýagsa,
bu dogrudyr, jedelleşme netim ýok.
Emmaki bu ýagyş kän ýagdy örän,
ezdi soňky sapagna çen papagmyň,
aýakgabym barha agralýar, ýöräp,
aňyrsyna çykyp boljak däl ýoluň,
ýa-da bu ýol çykjak meniň aňryma,
diýip pikir edýän üşüdip, gagşap,
sowuk ýel köwsarlap, süňňümden geçip,
buz ýaly eline alýar iç goşum,
bir gün çyksa, bulutlary dargadyp,
hem yza çekilse bu soňsuz goşun,
a soň ýagyş diňse, gurunsam biraz,
arzuw edýän hemem durmajak bolýan,
basdyrmajak bolýan howumy howa,
her näme bolsa-da, adamyň şeýdip,
öz ýolundan gitjek bolany gow-a!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024