Nakyl we hakykat
"Iti öldüren süýrär",
gömer oba daşynda,
bu bir umyt, dogrusy,
ýa-da ozal edilen zat,
kada bolan ýazylman,
hemem nakyl bolup galan,
nakyla diýilmez ýalan,
emma indi başgaça,
iti zäherlän, atan,
ýa taýaklap öldüren,
ýa-da daňyp, açlykdan
aňsyz hala getiren,
ilki arslan, şir diýip,
öwüp, arşa galdyryp,
garpyz berip goltugyna,
soň ýanyndan aýrylan,
ýykylan janaweri,
süýremekden geçen
daşyna obaň,
üstünde gaýşaryp,
otyr-la, toba!