Surat

"Bizi gyrdyrýaň" diýip...

"Bizi gyrdyrýaň" diýip,
habar gelse yzyňdan,
ylgap barýan bolsaň,
durýarsyň sakga,
duran bolsaň bilmän
aşak oturýaň,
ýa oturan bolsaň,
gyşarýaň bir ýan...

"Bizi gyrdyrýaň" diýip,
habar gelse yzyňdan,
bu belli zat,
öňküligiň bolmaýar,
düşünýärsiň "gyrylýana",
belki, bir gün, iki gün,
eliň işe galmaýar,
ýöne soň ýene turup,
öz ornuňda durýarsyň,
hem diýýärsiň: "Ýok, dogan,
meniň gürlänim üçin
gyrmaýarlar hiç kimi,
belki-de sen gürlemän,
öz ýüzüňe urýarsyň!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024