Surat

Goňşyň çyrasy ýansa

Goňşyň çyrasy ýansa,
meniň lampam köýdi diýip,
bahyllyk etme ynsana,
begen gaýta gapyňa
düşýän ýagta, azam bolsa,
büdremersiň bolmanda,
gapyň açar deşigin
kän kösenmän taparsyň;
aýdyp bilýän bolsa biri
hakykaty çalarak,
ýa-da synanýan bolsa,
dymdyryp bilmedik bolsalar entek,
meni susdurdylar diýip,
bahyllyk etme ynsana,
kesä çekme hak gepi,
guwan gaýta aýdana,
saňa-da ýeter nepi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019