Diktatura näme?
Diktatura näme, ýa näme zulum,
ýa-da sütem etmek, başarýan diýip,
özüň ýaly, ýa garawsyz ynsana,
ýa wezipe açmalymy nadany,
ýa ezmek sansyzy salýarmy sana?
Diktatura näme, ýa näme ezýet,
ejir bermek, gelýär diýip elimden,
hemem hondan bärsi ýylgyrmak, gülmek,
çykan ýaly bagt dagynyň başyna,
ýa-da nadan açmalymy özüni
diňe awy gatyp özgäň aşyna?
Diktatura näme, wezipä geçen,
iki adama başlyk bolan, eý, aman,
bir adamy ezip bilýän adamça,
unudýar muny,
hatda ozal ezilenin özüniň,
ýa-da öz awusyn başgadan aljak,
çykarjak bolýar ejizden,
ol aşakda diş gysmaly bialaç
zamuny, hiç ýana gaçyp bilmeýän,
adam diýip bilmeýär, görmeýär asla,
eşitmeýär onuň hiç aýdan sözün,
diktatura diňe güýçlini görýär,
ýa kötek görýänçä açmaýar gözün,
çünki, görse, ynsan ýaly ynsany,
hälä galaman çykjak ýalaky jany...