Zalymdan gaçmak bolmaýar
Zalymdan gaçmak bolmaýar,
gaçmak bolmaýar zulumdan,
görünmeýän aňyrsy,
ölümden gaçmak bolmaýar,
başyň etegňe salyp,
arkaňa alyp çagaňy,
ýa görünmän gaçmaly,
ýogsa aýagyňa kakjak,
ýykjajyklar ýeterlik,
hemem güljek
çagaň bilen ýykylsaň,
ýöne beýle ýykjakdan
gutulmak ýok hiç haçan,
ol seni dünýäniň haýsy ýurdunda,
niresinde bukul,
agtarar, tapar,
hem zäherli ok-ýaýyny,
ýüregiňden çenäp, atar ýadaman,
zalymdan gaçmak bolmaýar,
gaçmak bolmaýar zulumdan,
görünmeýän aňyrsy,
ölümden gaçmak bolmaýar,
başyň etegňe salyp,
çagaňy arkaňa alyp,
üstüne gitmeli onuň,
durmaly gaýrata galyp!