Surat

Toslama ömür

Özi bolmakdan gorkan
özgelere öýküner,
ýylgyrar ýylgyrsalar,
gyýylar gyýylsalar,
aglasalar - şumjarar,
bolmaz ýoly, ýodasy,
il näme bolsa - şo bolar,
gomalsalar - gomalar,
dymar dymsa özgeler,
çünki bolmaz öz sözi,
aýdylmaly aýatda,
daşynda bolar gözi,
ürker her bir haýatdan,
aşjak, geçjek ornunda
görmez özüni asla;
özi bolmakdan gorkan
gorkmadyga gul bor ýa-da
ömrüni geçir toslap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019