Surat

Kenar ýolundaky oýlanma

Edil iýýän aşyňy
saýlap iýişiň ýaly,
edil içýän suwuňy
saýlap içişiň ýaly,
diňleýän aýdym-sazyň,
okaýanyň, görýäniň,
hem çaýlaşýan dostlaryň,
ýolda eliň berýäniň,
ýa kän golaýna barman,
baş atyp, ýylgyrýanyň,
başarsaň, saýla irmän,
ýalňyş bolsa, peýda däl,
zyýan ýetirer derman.

Barýan ýoluňy saýla,
durýan goluňy saýla,
deňze girmezden ozal
münjek salyňy saýla!..

Hemem düşün dünýäde
baky galan ýok gaçyp;
Emma gapy gulplanar,
ýatylmaz gije açyp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024