Hakyky kämillik
Hakyky kämillik, yzyňdan biri
daş ýa demir syňsa, çenenip kelläň,
eger bagtyň çüwüp, gutulsaň ölmän,
oňa daş ýa demir salmakda dälmiş,
(käbir adamlaryň bolşy deý çendan),
düşünjek bolmakdamyş
derdine özüňi öldürjek bendäň.
Hakyky kämillik, depäňden biri,
bassa aşak elinde bar güýjünden,
hemem aýagyňa depse aldygna,
sen onuň elini yzyna itmän,
aýagyna aýak gaýtarman çyndan,
has anygy onuň alyna gitmän,
ony bu ýagdaýa näme getirdi,
neden beýle öçli boldy ol adam,
kimse ony bu derejä ýetirdi,
düşünjek bolmaly, çyn kämillik şu,
aňlan uly bolar halyn urýanyň,
içe salyp öz derdini, girýanyn!
Hakyky kämillik, urýany urman,
gaçmakdadyr, belki, dünýäde durman?..