Surat

Ýokardaky oýlanma

Diýilýän zat, aýdylýan zat kän örän,
emma eşidilýän barmy ýeterlik?
Diňleýän, aňlaýan köplükmi haky,
ýa köplükmi ýalan otluga serlip,
güneşländen bolup ýatan ýagyşda,
näçe barka näme diýýän diýilýän,
ýa-da aýdylýana aň salýan çyndan,
ýa-da aýdýanlaryň näçesi çynçy,
näçerägi jyn çykarýar horjundan,
ýa näçesi ýalançyka ýalaňaç,
diňe geýen penjegine guwanýan,
hemem diňe öz darajyk bähbidin,
ýa-da diňe öz dermanyn araýan,
kim bilenin ak ýürekden bölüşýär,
ýa başyn etegne salýar hak diýip,
a kim haka garşy durup ölüşýär,
has ýokardan satjak bolup ýalany,
diýilýän zat, ýazylýan zat kän örän,
gorkýan hakyň gaçar elden galamy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024